Mätäç
Dali Dade -

Mätäç

Длительность: 03:00
Размер файла: 6.89 MB
Качество: 320 kbps
Дата добавления: 17.04.2025
Скачать

Текст песни

Hemme kişä güldir öýtdim ýene men
Gulakdan gulaga uçdum, ýaraly kebelek
Ýalanlar ok bolup degdi meň ýuka tenime
Täji tutjak bolup eleme-deşik elimem

Goýbermejegime söz beren ýaly çagalykdan
Täjiň gysýanyna düşündim kelläm agyranda
Daşymy gabap başlady sebäpsiz gabananlar
Hakyky Täç çagaň "Kaka" diýip çagyranda

Mundan çöregem iýmedim
Gözlerden daşda durdum gözýetimi giňeldip
"Birinji" diýdim indi ikiň biri kineli
Alada edemok bu sanda däl meň sylagym
Synmazlyk ýeke synagym

Wagtymy soradym toprakdan
"Ýatdan çykmajagyna ynanýar diňe akmaklar"
Özümi tanaýan Welin, birden gorkamda
Aýak basmadyk ýerlerime çykarar tolkunlar, ynanyň

Durmuşam gysga däl, men ýaşamany giç öwrendim
Näme ýitirer dünýä meň ylhamym ir ölende?!
Sesim şol taýdady öli ýürekler direlende
Utup bolmaýar "Ömür Ýaryşyna" girilende

Ähli çapak çalany dostuň saýma
Diýdim özüme "Taýsyz" ýöne aýaklar taýdy
Dilim bilen saýanlam muny mertebe saýdy
Bu meseleler bilen indi mesgenim aýry

Satylamok duraňda bahalap
Meşhurlygyň bahasy meň ýeke bahanam
"Hemme zadyň bahasy bar" diýdi akyldar
Seresap bol, töhmet gybatlardan agyrrak

Ýokardakaň köpelýär aýaklaňdan asylýan
Bu basgançaklary tapanyňa basym ökünýäň
Diýseler: "Bü däliden ol samsyk gowudy"
Meň arkamy alma indi dost "Seňki dogry" diý

Другие песни исполнителя Dali Dade

Похожие песни